Aýa Serhenowanyň şahsy döredijiligine bagyşlanan sergi


Aýa Serhenowanyň şahsy döredijiligine bagyşlanan sergi



Suratkeş, grafik, nakgaş Aýa Serhenowa tükeniksiz fantaziýa we döredijilik başarnyga mahsusdyr. Aýa sabyrly hem oýlanyşykly suratkeş bolup, ol diňe özüniň başdan geçiren duýgularyna esaslanýar. Suratkeş her bir tekizligi, göwrümi ýeňillik we ussatlyk bilen ýerine ýetirýär, jikme-jik işlenen şekiller duýdansyz gelen ylhamyň netijesinde, ýagny bir demde döredilýär. A.Serhenowa suratlaryny reňkli galamlar, ýagly reňkler, ruçka bilen çekip we bu ýa-da başga eserine laýyk gelýän dürli enjamlary, materiallary saýlap, özboluşly awtorlyk usulyny ulanýar.

Aýa grafika ýa-da nakgaşçylyk eserlerini döredende daşky gurşawa seretmän, ähli ünsüni işinde jemleýär we «döredijilik meditasiýa» bilen deňäp bolýan ýagdaýynda bolup durýar.

Aýa Serhenowa 1981-nji ýylda Aşgabatda döredijilik maşgalasynda eneden bolýar. Onuň kakasy ussat suratkeş Amanmyrat Serhenow sungat adamlary Gulnazar Bekmyradow, Akmyrat Berdigylyjow, Artyk Jallyýew hem-de Rinat Ismailow dagylaryň halypalyk etmeginde Aýanyň dünýägaraýşyna we suratkeş kärini saýlamagyna täsir edýär.

2000-2004-nji ýyllarda Aýa Serhenowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaş mugallymy Guwanç Hojanyýazowdan we nakgaşçylyk tehnologiýasy boýunça mugallymy Azat Annaýewden bilim alýar.

Aýa Serhenowa 200-den gowrak eser döredip, 2018-nji ýylda «Juma» studiýasynda şahsy sergisini gurnaýar, şu güne çenli suratkeş Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanan sergileriň birnäçesine gatnaşýar.

Aýanyň suratlary Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Amerikanyň, Russiýanyň we Tatarystanyň şahsy ýygyndylarynda hem saklanylýar.