«Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty»
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde golaýda «Türkmen binagärliginde çeper-bezeg sungaty» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler, Türkmenistanyň çäginde gözbaşyny iň gadymy eýýamlardan alyp gaýdýan taryhda öçmejek yz galdyran köp sanly arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleri barada we häzirki zaman binagärlik sungaty barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda täsirli sorag-jogaplar alşyldy. Ylmy maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözler aýdyldy.