Ýapon gurjaklarynyň sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýapon gurjaklarynyň sergisi gurnaldy. Sergi dört bölüme bölünip 67 sany gurjaklaryň üsti bilen görkezilýär. Gurjaklaryň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolmagy diňe bir Ýapon ýurdy bilen çäklenmän, gurjaklara bolan çuňňur söýgi, gurjaklaryň dürlüligi we ajaýyp ussatlygy, Ýapon gurjak medeniýetine mahsusdyr. Bu sergi, Ýaponiýadaky gurjaklaryň ilkinji nusgalary hasaplanýan Katasiro we Amagatsudan başlap, tutuş ýurduň durmuşyny görkezýän ýerli gurjaklara, häzirki wagtda Ýaponiýada söýülýän gurjak oýnawaçlaryna we uly göwrümli owadan gurjaklara çenli Ýapon gurjak medeniýeti bilen giňişleýin tanyşdyrýar. Biz sergidäki her gurjagyň bütin dünýäde mähirli garşylanjakdygyna we köp tomaşaçylaryň Ýapon gurjaklarynyň özüne çekijiligini başdan geçirjekdigine ynam bildirýäris.