BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ ÇEPER KEŞBI


BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ ÇEPER KEŞBI



Golaýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça suratkeşleriň hem-de nakgaşlaryň arasynda Garaşsyz Diýarymyzda parahatçylygy wasp edýän, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly duýgulary özünde jemleýän sungat eserlerini döredýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilen «Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça geçirildi:
1. Nakgaşçylyk
2. Grafika
3. Heýkeltaraşlyk
4. Dizaýn
5. Keramika
6. Halyçylyk
7. Zergärçilik

Bäsleşige tejribeli ussat nakgaşlar, grafikaçylar, heýkeltaraşlar, külalçylar (keramika), halyçylar, zergärler, dizaýnerler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite çeperçilik we sungat mekdepleriniň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.
Bäsleşige hödürlenilen işler: «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Meniň Garaşsyz Watanym», «Bitaraplyk baky bagtym», «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary», «Bagtyýar nesil», «Meniň döwürdeşim» atly temalar boýunça ýerine ýetirildi.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan birinji orna ýedi, ikinji orna sekiz, üçünji orna bolsa dokuz gatnaşyjy ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar we bäsleşigiň ýeňijileri milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirmek ugrunda, ata Watanymyzyň abraýyny arşa göterjek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!