Watan diňe halky bilen Watandyr!


Watan diňe halky bilen Watandyr!



Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris!» diýip nygtady. Munuň özi ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrylan täze tapgyrynda-da türkmen medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyndan habar berýär.
2022-nji ýylyň awgust aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Watan diňe halky bilen Watandyr!» atly duşuşyk çäresi geçirildi. Duşuşykda «Diýar» žurnalynyň ylmy edebi işgäri Jumageldi Annaýew, Türkmenistanyň Merkezi Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Baýramgül Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni-aň bilim işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew we Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Ogulbaýram Durdyýewa çykyş etdiler.
Türkmenistan medeni-ynsanperwer ulgamda halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli we işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi, şol sanda täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak barada taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýanyň çäklerinde Türkmenistanda taryhy-medeni ähmiýetli ýadygärlikleriň müňden gowragy hasaba alyndy.
Bu duşuşykda türkmen medeniýetini ösdürmekde giň gerimli işleriň täze taryhy döwürde-de dowamat-dowam bolýandygyny medeniýet ulgamynyň wekilleriniň täze döredijilik gözleglerinde-de ruhlandyrýandygyny bellediler.