ÝAPON SYRÇALANMADYK KERAMIKASYNYŇ SERGISI


ÝAPON SYRÇALANMADYK KERAMIKASYNYŇ SERGISI



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen-Ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurnaldy. Sergide ýapon ussatlarynyň külalçylyga bagyşlanan eserleriniň uly toplumy sergilendi. Ýapon ilçihanasynyň gurnan bu sergisinde häzirki zaman Ýapon suratkeşleriniň Ýakisime usulynda ýerine ýetiren syrçalanmadyk külal önümleriniň 100-e ýakyn esbaplary dört bölege bölünip, „Ýakisimeniň dogulşy“, „Çaý içişlik we Ýakisime“, „Ýapon aşhanasy we Ýakisime“, „Ýakisimeniň sungat esbaplary“ ady bilen görkezildi. Esbaplaryň arasynda çaý serwisleri, aşhana toplumlary, bezeg güldanlary aýratyn orun eýeleýärler. Bu sergi Ýapon sungatynda ýörgünli bolan gadymy keramika önümçiliginiň bir görnüşine bagyşlandy. Ýakisime usuly XII asyrlardan gözbaş alyp, häzirki döwre çenli Ýapon sungatynda meşhurlyga eýe bolup durýar. Bu sergi tomaşaçylary dünýä külalçylygynyň gadymy däp-dessurlary hem-de Ýapon sungatynyň köpdürliligi bilen tanyşdyrdy. Köp adamly bolan bu sergi mart aýynyň 28-ne çenli dowam eder.
Bu sergi hormatly Prezidentimiziň açyk gapylar syýasatynyň esasynda Türkmen Ýapon diplomatik gatnaşyklary halklaryň arasynda medeniýetiň we sungatyň ýokary derejelerde ösmegine öz täsirini ýetirýär.