Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Türkmen owazyny dünýä diňleýär» atly sergi
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi hem halkymyzyň ruhuny arşa göterýär. Häzirki döwürde sungat ussatlary bu baýramçylygy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen aýdymdyr-sazlary, şeýle-de öz täze eserleri bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem her ýyl däp bolşy ýaly Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli «Türkmen owazyny dünýä diňleýär» atly sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp-özgerýän Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýar durmuşyny arzuw eden şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbi, medeniýetimizde, sungatymyzda yz galdyran ussatlarynyň keşpleri nakgaş we heýkel eserlerde aýdyň beýan edilýär. Halkymyzyň ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýetimiziň gülläp ösmeginde halypa-şägirtlik ýolunyň dowamaty dowam bolsun.