Altyn güýzüň berekedi


Altyn güýzüň berekedi



2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp «Altyn güýzüň berekedi» atly sergi gurnaldy. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenýän bu baýramçylyk Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanda ak bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda baldan süýji gawundyr garpyzlaryň bol hasylyny ýetişdirýän daýhanlaryň zähmetine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada şeýle diýýär: «Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr».
Serginiň ekspozisiýasy üç sany tematiki bölümden ybaratdyr. Birinji bölüm biziň ýurdumyzda ekerançylygyň ösüşiniň taryhyna bagyşlanypdyr. Aşgabadyň etegindäki Jeýtun obasynyň golaýynda Merkezi Aziýada oturymly ekerançylygyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykarylmagy möhüm taryhy wakadyr. 1904-nji ýylda bolsa amerikan alymy R.Pampelli tarapyndan Änew depelerinde ak bugdaýyň biziň eýýamymyzdan ozalky dördünji müňýyllyga degişli däneleri tapyldy.

Serginiň ikinji bölümi ХХ asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşine bagyşlanypdyr. Fotosuratlarda pagta meýdanynda zähmet çekýän türkmen gelin-gyzlary, hasylyň ýygylýan gyzgalaňly günleri, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti beýan edilýär. Serginiň dowamynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň bereketli topragynda önýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylynyň ýetişdirilişini wasp edýän nakgaşçylyk eserleri, resmi fotosuratlar, haly we haly önümleri, bäş welaýatyň milli nagyşlary bilen bezelen içi pagtaly horjunlar, türkmen halkynyň bereket bolçulygyny alamatlandyrýan bugdaý desseleri görkezilýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hünärmeni Akjemal Suhanowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Däneli, kösükli ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Güljemal Taýlakowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň uly ylmy işgäri Aky Ýaraşew, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň agrohimiýa we toprak öwreniş kafedrasynyň mugallymy Myratberdi Çopanow, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Annamuhamedow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň uly mugallymy Ýazgeldi Saryýew gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar Hasyl toýyna bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan «Altyn güýzüň berekedi» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.