«Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar!»


«Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar!»



Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Hormatly Prezidentimiz içeri we daşary syýasaty, ilkinji nobatda milli bähbitleri goramaga, halkyň däp-dessurlaryny dikeltmäge, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilip, Bitaraplyk derejesini alan ata Watanymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen gülläp ösüşleriň ýoluna düşdi. Bu üstünlikleriň hemmesi milli Liderimiziň öňden görüjiligi, başarjaňlygy, zähmetsöýerligi we ynsanperwerligi netijesinde amala aşyrylyp, beýleki halklar bilen medeni gatnaşyklarymyz hem dünýä giňişliklerine ýaýrady. Bitaraplyk derejesini almagymyz ykdysadyýetimiziň hem-de syýasatymyzyň ösüp barha rowaçlanmagyna we watanymyzyň gülläp ösmegine ýurdumyzyň at-abraýynyň has hem rowaçlanmagynda örän uly möhüm ähmiýeti bardyr.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar!» atly baýramçylyk sergisinde halypa suratkeşleriň, ussat heýkeltaraşlaryň hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň «Bagşy Döwletgeldi Ökdürowyň portreti», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň «Gözel diýarym», Rahman Umarowyň «Bagşy», Ýewgeniý Grişiniň «Güller», Merdan Kakabaýewiň «Ak bugdaý» ýaly şekillendiriş sungatynyň görnükli ussatlarynyň nusgawy eserlerinde parahat, asuda al-asmanly ýurdumyzyň waspyny ýetirýärler.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň «Türkmen ýaýlasynyň owazy» atly eserinde ýaşyl reňkli meýdanda baýramçylyk şowhunyny görmek bolýar. Şeýle hem eserde halkymyzyň gymmatlygy hasaplanylýan türkmeniň ahal-teke bedewini we türkmen alabaýynyň görkezmek bilen ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny suratkeş beýan edipdir.
Bulardan başga-da sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň, Çaryýar Durdyýewiň, Tagir Ibragimowyň keramika eserleri hem sergilendi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen döwleti uly üstünliklere eýe boldy. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhynda müdümilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Merdana halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini, döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!