“Türkmen halkynyň Milli Lideri jebisligiň, döwletliligiň daýanjydyr” atly dabaraly maslahat
Golaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň 21-nji ýanwardaky bilelikdäki mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütleri giňden wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
“Türkmen halkynyň Milli Lideri jebisligiň, döwletliligiň daýanjydyr” atly maslahata ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar, estrada ýyldyzlary, teatr artistleri, muzeýlerde we kitaphanalarda zähmet çekýän hünärmenler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň gymmatlyklaryndan göçme sergi gurnady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Hajyýewiň “Parahat zeminde bagtlylyk”, Ý.Adamowanyň “Ýaş nesil”, K.Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, Ý.P.Grişiniň “Natýurmort, säher bägülleri”, eserleri şeýle-de türkmen keramika sungaty eserlerinden M.Ataýewanyň “Agşam” ,S.Muhammedowanyň “Mukam”, A.Taganowyň “Köneürgenç” ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergilendi.
Dabara gatnaşan myhmanlar Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.