Belent borja wepalylyk
Garaşsyz Türkmenistanyň goragynda berk durýan her bir harby serkerde we esger ata Watanymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrýar, abadan durmuşymyzy, erkana zähmetimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Milli Goşunymyzyň harby kuwwatyny, goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, onuň şahsy düzüminiň merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, edermenlik ruhunda, söweşjeň däp-dessurlaryna laýyklykda terbiýelenmegi üçin taýsyz tagallalary edýär.Türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini ýol-ýörelge edinen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Watan goragçylary, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezýärler.
27-nji ýanwar ýurdumyzyň, parahatçylygynyň goragynda duran gujur-gaýratly gerçeklerimiziň, Watan goragçylarynyň günidir. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Belent borja wepalylyk” atly sergi guraldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän fotosuratlar, ýurdumyzyň milli Ýaragly Güýçlerini esaslandyrmak baradaky maglumatlar, dürli halylar we pannolar serginiň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.
Dabaraly çärä harby gullukçylar, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň okuw jaýlarynyň talyplary we okuwçylary gatnaşdylar.