Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty


Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow “Şekillendiriş sungatynda Magtymgulynyň watançylyk temasy”,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Ogulbaýram Durdyýewa “Magtymguly Pyragynyň unudylmadyk keşbi” ,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy we sungaty öwreniji Gülnara Kurbanmuhammedowa “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda”,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Amanýaz Kulyýewa “Ylym tälim algan seni unutmaz”,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa “Alymlar bilen hyzmatdaşlyk kämil eseriň kepilidir. (Pyragynyň sungatdaky keşbiniň mysalynda)”,

Türkmenistanyň Watan mukaddesligi muzeýiniň gözegçisi Sülgün Seýdäýewa “Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy”,

Türkmenistanyň Gökdepe muzeýiniň “Çeperçilik-dikeldiş we medeni aň-bilim işleri” bölüminiň müdiri Tawus Amanmyradowa “Akyldar şahyryň beýik heýkeli – Arkadag zamanaň dowamatynda”,

Aýna Geldimyradowa – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýna Geldimyradowa “Magtymguly diýip adym tutsalar” atly temalar boýunça çykyş etdiler.