«Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag, röwşen ertirimiz Arkadagly Serdar!» atly dabaraly maslahat we sergi


«Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag, röwşen ertirimiz Arkadagly Serdar!» atly dabaraly maslahat we sergi



2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherinde gurlan täze döwrebap Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag, röwşen ertirimiz Arkadagly Serdar!» atly dabaraly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy.

Sergi muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde gurnalyp, dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň ösüşini görkezýän maglumatlar, suratlar hem-de gymmatlyklar häzirkizaman täze tehnologiýa tilsimatlary arkaly beýan edilýär. Dabaraly maslahatda muzeý işgärleri, ylmy institutlaryň hünärmenleri, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary çykyş etdiler. Maslahatda Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri, Arkadag şäheriniň binägarlik ösüşi, ekologiýa taýdan arassalygy, sanly tehnologiýalaryň kämil tejribesi dogrusynda çykyş etdiler.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk şäher ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi boljak owadan we akylly şäheri halkymyza sowgat eden hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize alkyşlar aýtdylar.