Keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikleri we häzirkizaman biçüw lybaslaryndan düzülen tele ýazgy


Keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikleri we häzirkizaman biçüw lybaslaryndan düzülen tele ýazgy



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Keşdeçilik sungaty, milli egin-eşikleri we häzirkizaman biçüw lybaslaryndan düzülen sergi hem-de tele ýazgy geçirdi.

Gepleşigi alyp bardy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Garryýewa Aýgül, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Akjemal Saparowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşikde keşdeleriň taryhy gelip çykyşy, döreýşi, reňki, ýüpekçilik barada giňişleýin söhbet edildi.