Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Edep terbiýäniň gözbaşy” atly göçme sergi geçirdi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Edep terbiýäniň gözbaşy” atly göçme sergi geçirdi



Türkmen halky özüniň uzak asyrlyk taryhy ýolunda egsilmez genji-hazyna öwrülen maddy we ruhy gymmatlyklary, bilim mirasyny, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, jemgyýete, dünýä, durmuşa bolan beýik söýgä ýugrulan milli terbiýe mekdebidir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Edep terbiýäniň gözbaşy” atly gyz-gelinlere bagyşlanan göçme sergisini gurnady.

Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň “Bahar”, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Keşdeçiler”, Türkmenistanyň halk suratkeşi G.Ýarmämmedow “Üzümli gyz”, J.Bekdurdyýewiň “Işden gaýdyp gelmek”, A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz” eserleri sergilendi.

Sergä gatnaşan talyp ýaşlar hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.