«Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – ýurdumyzyň mizemez esaslarydyr»


«Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – ýurdumyzyň mizemez esaslarydyr»



Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň hukugynyň we azatlygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň, mähriban topragymyzda emele gelen durnuklylygyň we ylalaşygyň ygtybarly kepili bolup durýar. Al–asmanda pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyz mähriban Watanymyzyň azatlygynyň we nurana geljeginiň nyşany hasaplanýar. Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý–mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlyklarymyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda, döredijilikli ösdürilýän resminama bolup durýar. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşini nazara alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününine bagyşlap baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň döwlet galamyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezildi.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Mahym Gubiýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri Wepa Berdiýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy Gülälek Meretmyradowa, «Esger» gazetiniň uly habarçysy Ogulgurban Nurgeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow gatnaşdylar.
Dabara gatnaşan myhmanlar milli baýdagymyzyň ähmiýeti, onuň mukaddesligi barada gyzykly gürrüň berdiler, şygyrlary okadylar. Bu çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda, muzeýiň işgärlerinde uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri,Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.