Gadymyýetiň ýaňy
Bu ýoldan öňem kän gezek gatnapdym. Ýöne her gezegem nämüçindir, şu binanyň deňine ýetenimde, kalbymy täsin bir duýgynyň gurşap alýandygyny duýýaryn. Bu ýerlere bir mahallar kimdir biriniň ýagşy niýeti-päli,
arzuw-hyýaly, umyt-yhlasy siňen bolaýmasyn?! Hut şeýle bolanda, gadymyýetiň ýaňy kalbyňy maýyl edip, özüne bakan çeker durarmyş... Ynha, gözýetimde seleňläp duran bu täsin binada Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär.
Bina bir ýarym asyr bäri şäheriň merkezinde binagärlik aýratynlygy bilen üstünden ýoly düşen islendik adamyň ünsüni özünde egleýär. Ol baryp-ha XIX asyryň ahyrlarynda gurlan ymarat bolup, onuň gurluşygy üçin daşlary Serdar şäherini alkymlap oturan Köpetdagyň dag gerişlerinden getiripdirler. Bina 1882-nji ýylda gurlup başlanyp, 1884-nji ýylda doly tamamlanypdyr. Şu ýyl muzeýiň binalarynyň gurluşygynyň başlananyna 140 ýyl dolýar. Muzeýiň baş direktory Rahman Aşyrow bilen söhbetdeş bolanymyzda, şäher taryhynyň gymmatlyklaryny özünde jemleýän binanyň özüniň hem taryhy ýadygärlikdigini belläp geçdi.
Ykbaly ençeme synaglara sezewar bolan ymaratyň muzeýe öwrülmegi üçin ýarym asyrdan gowrak wagt gerek bolýar. 1980-nji ýylda mugallym Annamuhammet Ussaýew Serdar şäherinde (ozalky Gyzylarbat) taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak üçin muzeý döretmegiň wajypdygy baradaky haýyşnama bilen degişli edaralara ýüz tutýar. 1985-nji ýylyň 29-njy aprelinde şäherde ilkinji sergi açylýar.
Şäherimize şa gadamy düşende, bu täsin binagärlik aýratynlygyny özünde jemleýän ymaratyň hormatly Prezidentimiziň synçy nazaryndan sypmandygyny muzeýiň işgärleri gürrüň berdiler. Içerki abatlaýyş işleri geçirilip, 2015-nji ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli muzeýde täze sergi guralýar.
Häzirki wagtda muzeýiň ekspozisiýasy Garaşsyzlyk, gadymyýet, Beýik Watançylyk urşy, etnografiýa we tebigat bölümlerinden ybaratdyr. Şäheriň dürli künjeginde muzeý gymmatlyklary bilen gaýybana tanyşdyryş işlerini alyp barýan işgärleri¬ň çeken yhlasly zähmeti geçen ýylda öz miwesini berdi. Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda döwlet muzeýleriniň arasynda geçirilýän «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşikde 2021-nji ýylyň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi» diýlip yglan edildi. Bu bolsa di¬ňe bir muzeý işgärlerini däl, eýsem, şäheriň ähli ýaşaýjylaryny hem diýseň begendirdi.
Süleýman HANGELDIÝEW