«Türkmen ekerançylygynda kärizleriň ähmiýeti» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 21-nji awgustynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen ekerançylygynda kärizleriň ähmiýeti» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň mugallymy, mirasgär Jumanazarow Nurnazar, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy, mirasgär Nepesow Bamyly, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Amanberdiýewa Enebaý, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Öwezberdiýewa Käkilik çykyş etdiler.
Müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň her bir menzili halkymyzyň beýik şöhraty, halkymyzyň baý ylmy gorunyň bolandygyny subut edýän taryhy gymmatlyklarymyzyň biri hem kärizlerdir. Kärizleriň diňe bir ekerançylyga, şäher medeniýetine degişli bolmak bilen çäklenmän eýsem ýerasty suwlary peýdalanmagyň taryhy ähmiýeti, kärizler arkaly ýeriň üstüne çykarylyp ekerançylykda, durmuşda peýdalanylşy, süýji suwly gatlaklaryň anyklanylşy, şol guýularyň, käriziň dikana guýularynyň üsti bilen suwuň ýeriň üstüne çykarylyşy barada gyzykly gürrüňler we ylmy söhbetler boldy.