«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly sergi


«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly sergi



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda hemmetaraplaýyn üstünliklere ýetmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan häzirki döwürde beýleki dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlygyny diňe parahatçylyk ýoly bilen alyp barýar.
Türkmen halkynyň goňşular bilen gatnaşygynda gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli tejribesi Bitaraplyk ýörelgesiniň ruhy esaslary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmak ýyly» kararnamasynyň kabul edilmegi, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarymyzyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli durmuş-ykdysady öňe gidişiklere itergi bermäge gönükdirlen wajyp ädimdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergi Hormatly Prezidentimiziň paýhasly sözleri bilen başlanýar. Onda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlaryna, milli gymmatlyklarymyzyň şekili sünnäläp çitilen türkmen halylaryna, özboluşly nusga eýe bolan türkmen milli lybaslaryna, ussat zergärlerimiziň ýasan zenan we bedew şaýlaryna aýratyn orun berilýär. Sergi muzeýiň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň dabaraly sözlän sözi bilen açyldy. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň professory, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Amanguly Magtymow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy Ogultagan Orazgulyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary Mekan Nazarow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Usulyýet bölüminiň müdiri Läle Annamyradowa çykyş etdiler.
Sergä gatnaşan myhmanlar «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň aýratyn ähmiýetli hem uly üstünlikli baýramçylyga beslenjek ýyl hökmünde ýatda galjakdygyny nygtadylar. Çünki bu ýyl Garaşsyzlyga eýe bolanymyza 30 ýyl bolýar. Çykyş edenler Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde gazanylan üstünliklere bolan buýsanjyny beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri we Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.