“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi


“Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi



Baky Bitarap Watanymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybir türkmen halkymyzyň goldawyna mynasyp bolan içeri we daşary syýasatyny, bäş müň ýyllyk taryhy bilen baý türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny öwrenip, dikeltmekde, milli medeni mirasymyzy öwrenip wagyz etmekde uly işler amala aşyryldy. Dünýä ýüzündäki beýleki halklar bilen ýurdumyzyň medeni gatnaşyklary dünýä giňişliklerine ýaýrady. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Baky Bitaraplygymyzyň baýramy diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçirilýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Baky Bitaraplygymyzyň baýramçylygy mynasybetli “Eziz Watan parahatlyk merkezi” atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi. Sergä Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Ataýew, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy Akjemal Saparowa gatnaşdy. Sergide halypa suratkeşleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň şeýle hem talyp ýaşlarynyň eserleri görkezildi. Häzirki günde Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri esasynda ýurdumyz gülläp ösýär. Bitaraplyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.