«Men suşini gowy görýärin» atly sergi
Türkmen-ýapon gatnaşyklary görkezýän ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şol gatnaşyklar möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda ylym we bilim ulgamynda hem okgunly ösdürilýär. Bu ulgamlaryň kämilleşdirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň ösüşiniň esasy maksatlaryna laýyk gelýär.
Soňky ýyllarda özara ynanyşmak, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek gerek. Yzygiderli geçirilýän işewürler duşuşyklary hem-de forumlar, medeni gatnaşyklar uly mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlyklar dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda ösýändiginiň alamatydyr.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Men suşini gowy görýärin» atly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergi ýapon halkynyň özboluşly dünýäsi, milli tagamyň taryhy gelip çykyşy, taýýarlanylyşy we aýratynlyklary barada ýakyndan tanyşmak isleýänleri bir ýere jemledi. Ýaponlaryň däp bolan Suşi tagamynyň taýýarlanylyşy, olaryň görnüşleri sergide giň köpçülige hödürlendi.
Serginiň açylyş dabarasynda ýapon dili, medeniýeti we sungaty boýunça bilim berilýän Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri , ýapon medeniýetiniň köp sanly muşdaklary—aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklary giň gerime eýe bolýar. Türkmen-ýapon medeni gatnaşyklaryň çäklerinde yzygiderli sergiler gurnalyp durulýar. 2021-nji ýylyň fewral aýynda «Ýapon gurjaklarynyň sergisi», 2022-nji ýylyň mart aýynda «Ýakisime: Ýeriň özgerişi» atly syrçalanmadyk ýapon keramikasynyň sergisi gurnaldy.
«Men suşini gowy görýärin» atly sergi 8-29-njy iýuly aralygynda dowam eder.