Hatyra gününe bagyşlanyp “Öten geçenleri ýatlap !” atly sergi geçirildi


Hatyra gününe bagyşlanyp “Öten geçenleri ýatlap !” atly sergi geçirildi



Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däpleri mynasyp dowam edýär. Her ýyl 6-njy oktýabrda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy dogalary edýärler. Türkmen halkynyň asuda, parahat asmanyň astynda ýaşamagy üçin Arkadagly Serdarymyz ähli mümkinçilikleri döredýär.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň agyr külpetlerini gerdeninde çeken halkymyz üçin bu hadysa iň pajygaly wakalaryň biri boldy. Esgerlerimiziň müňlerçesi gaýratlylygyň we Watansöýüjiligiň, halkymyzyň niýetiniň, maksada okgunlylygynyň hem-de ynsanperwerliginiň beýik mekdebini görkezip, front ýollaryny geçdiler. Olaryň köpüsi deňsiz-taýsyz batyrgaýlyklary hem-de gahrymançylyklary bilen Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalary ýazyp, Gahryman diýen beýik ada, ordenlere we medallara mynasyp boldular. Şol döwürlerden bäri onlarça ýyl geçen häzirki zamanada hem şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhy kalplarymyzda gyzgyn seslenme bolup ýaňlanýar. Biz öz ildeşlerimize bolan buýsanç duýgularyna gaplanyp, olaryň ölmez-ýitmez edermenlikleriniň öňünde baş egýäris.

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Hatyra gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşleriň Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Saparmammet Meredowyň “Amangeldi Gönibek”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Allamyrat Muhammedowyň “Ýatlama” atly nakgaş eserleri, şeýle hem heýkeltaraşlar Magtymguly Nurymowyň “Ýer titreme”, Muhammet Ýuzbaşewyň “Garaşma”, Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç” atly heýkel eserleri hem pajygaly hadysalary suratlandyrýar.

Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm sürsün!

Şehit bolan watandaşlarymyz hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda baky ýaşasyn!