Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergiler geçiriler


Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergiler geçiriler



Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ussat suratkeşiň döreden işleriniň sergileri geçiriler. Şanly sene mynasybetli geçiriljek sergileriň birinjisi 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda guralar. Onda ussadyň sungat eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar.

Mundan başga-da, 11-nji oktýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem ussat suratkeş Yzzat Gylyjowyň durmuşyna we döredijiligine, şol sanda onuň milli sungatyň ösmegine goşan goşandynyň ähmiýetine bagyşlanyň konferensiýa hem-de sergi gurnalar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň halk suratkeşi, mugallym Yzzat Gylyjowyň türkmen şekillendiriş sungatynyň şöhratyny halkara derejesine çykaran ýurduň ilkinji suratkeşi hökmünde tanalýar. Onuň döreden işleri Türkmenistanyň birnäçe nesliniň sungatda kemala gelmegine we geljekdäki üstünligine güýçli täsir etdi.