«Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» atly sergi


«Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» atly sergi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen okamaga, medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, hormatly il ýaşulysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň döredijilik işine bagyşlanyp «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» atly iki günlük sergi öz işine başlady.
Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Döredijiligiň ähli ugurlarynda halypa-şägirdiň mertebesi belentdir. Türkmen halkynyň halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerine görä, bilesigeliji, öwrenmäge höwesli, yhlasly we janypkeş şägirt kämillige ýetende, halypasy tarapyndan ak ýola salnypdyr. Türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen halypa-şägirtlik ýoly döwürleriň keşbini şöhlelendirýän döredijilik, sungat, aýdym-saz eserleri arkaly döwlet syýasatynyň esasy ugruny kesgitlemekde, ýurduň intelligensiýasynyň şol syýasatdaky ornuny we hyzmatyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýewiň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi halypalyk derejesine ýeten ussatlardyr. Türkmenistanyň halk suratkeşi, halypa Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren eserlerine ser salanyňda, onuň zehinine, başarnygyna haýran galýarsyň. Ol granitden, agaçdan, bürünçden, mermerden ýagty keşpleri dörediji monumental hem-de stanok heýkeltaraşydyr. Saragt Babaýew dürli žanrlarda işleýär. Halypa suratkeş häzirki döwürde ýurdumyzyň monumental ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymçylyk kärinde ençeme şägirtleri ýetişdirip heýkeltaraşlygyň inçe syrlaryny öwretdi we ussat heýkeltaraşlary, nakgaşlary, keramikaçylary ýetişdirdi.
Ynha, bu gün bolsa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň giň ekspozisiýasynda halypanyň ýetişdiren şägirtleriniň köp böleginiň eserleriniň sergilenmegi halypa-şägirtlik ýolunda ýetilen beýik sepgitleriň beýanydyr. Sergide Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýewiň ýetişdiren şägirtleriniň 70-e golaýy 250-den gowrak nakgaş, keramika, heýkel, gobelen sungatynyň eserlerini halk köpçüligine hödürlediler.