Türkmen halysynyň waspy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda, Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap «Dünýä waspy dolan türkmen halysy» atly aýdym-sazly, sergili, baýramçylyk, döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.
Dabarada muzeý gaznasyndan gurnalan milli gymmatlyklar, milliligimiziň nusgasy bolan milli halylarymyz, haly önümlerimiz, türkmeniň milli egin-eşikli misli janly pursady ýada salyp duran nakgaş eserleri, gözelligi göreni haýran edýän kürtelerimiz, Gahryman Arkadagymyzyň millilikden söz açýan kitaplary, dutar, şaý-sepler, küýzeler, şeýle-de muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilendir. Ýylyň şygary bilen bagly milli gymmatlyklar hem sergide öz beýanyny tapýar. Dabara Bäherden etrap haly kärhanasynyň işgärleri, şeýle-de Aşgabat şäheriniň haly kärhanasynyň işgärleri gatnaşyp, halynyň inçe syrlary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem muzeý gymmatlyklary hem-de halynyň täsin gözellikleri dogrusynda gymmatly maglumatlar bilen dabara gatnaşanlarda täsirli ýatlama galdyrdylar. Bu dabaranyň gyzgalaňly geçmegine ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşy has-da uly täsir etdi.
Şeýle ajap döwri bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.