PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Merjen Nuryýewa alyp bardy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Goşlakowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň uly mugallymy we şahyr Osmanberdi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiriniň orunbasary Goçmyrat Çaryýew çykyş etdiler.
Çykyş edenler beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen edebiýatynda we sungatynda aýratyn orun eýeleýändigi, onuň döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýandygy barada belläp geçdiler. Sebäbi beýik şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr we türkmeniň medeniýetini, sungatyny, durmuşyny, taryhyny, halkyny beýgelden beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.