Ylymlar güni


Ylymlar güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky agzybirlik bilen Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin asylly zähmet çekýärler. Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen dowam edýän 2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda gözel ülkämizde Ylymlar güni bellenilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ylym-ählumumy ösüşleriň çeşmesi» atly sergi guraldy. Sergide muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen türkmen halkynyň ylmy-bilimi, taryhy, sungaty hem Türkmenistanda alnyp barylýan işler, nakgaş, heýkel hem-de keramika eserleriniň üsti bilen açyk aýdyň görkezilýär. Sergide alymlaryň portretleri, arheologlaryň, fizikleriň tejribe geçirýän pursatlary, olaryň durmuşa geçiren işleriniň netijesinde amala aşyrylýan işler barada eserleriň uly toplumy ýerleşdirilen.

Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň, milli medeniýetimiziň gazananlaryny, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny, dowam etdirmäge giň ýol açyp berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Ylymlar güni bilen gutlaýarys!