SARPALY SUNGATYM


SARPALY SUNGATYM

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem yzygiderli ösdürilýär.

Keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.

Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriň ählisi bu sungatda-da jemlenen. Ony zenan kürtelerinde, tahýalarda, milli lybaslarymyzda ýakyndan synlamak bolýar. El işleriniň zynaty mähirdir. Şonuň üçin olar ýyllar geçse-de, könelmän, gaýta, barha lowurdap şöhle saçýar. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu babatda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem muzeý gaznasynda saklanýan gymmatlyklardan düzülen sergiler we wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiziň gadymy kökleri, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin gürrüňler edildi.