Jadyly akwarel we kümüş ýalkymy
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaň salýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli şekillendiriş sungatymyz gülleýär gül açýar.
Eziz diýarymyzyň gözelligini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny reňkleriň dilinde sazlaşygynda beýan edýän nakgaşçylyk sungatynyň Şazenany diýip atlandyrylýan akwarelde döredilen ajaýyp eserlerden, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary we olaryň şägirtleri akwarel we zergärçilik sungatynyň «Jadyly akwarel we kümüş ýalkymy» atly sergini gurnadylar. Nakgaşçylygyň iň näzik görnüşi bolan akwarelde döredilen täsin eserler sergini synlanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Zehinli suratkeşler, halypalar, bagtyýar talyplar, şeýle hem sergä gatnaşanlar sungatymyzyň Hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.