«Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine» gezelenç
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy maglumatlara baý ýyllaryň biri bolup, ajaýyp sepgitler öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellemek boýunça ýurdumyzda dabaralar, duşuşyklar, gezelençler yzygiderli ýola goýulýar. Beýik söz ussadynyň şygyrlary geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy mirasydyr. Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan ugur alýan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär.
Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşmak hem-de wagyz etmek maksady bilen dowamly täsirli we gyzykly gezelençler gurnalýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň mugallymy Saparmyrat Annamuhammedowyň ýolbaşçylygynda mugallymlary we talyplary şeýle-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmagynda muzeýe gezelenje geldiler. Olar muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda «Arkadag» teleýazgysynda çykyş etdiler. Muzeýiň «Garaşsyzlyk» bölümlerindäki garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, «Etnografiýa» bölümindäki türkmen halkynyň geçmişine degişli gyzykly maglumatlar, «Sungat» bölümindäki täsirli aýratynlyklar talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.