MEDENIÝET HEPDELIGINIŇ ÇÄGINDÄKI MUZEÝ GEZELENJI


MEDENIÝET HEPDELIGINIŇ ÇÄGINDÄKI MUZEÝ GEZELENJI

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurduň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi.

Ýurduň muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýan ylmy işgärleriň, köp sanly hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurduň muzeýlerinde saklanýan dürli görnüşli gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Iş maslahatynda bu ugra degişli çykyşlara giň orun berildi. Medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak bilen baglanyşykly meseleler hünärmenleriň eden çykyşlarynyň esasy mowzugyna öwrüldi.