Türkmeniň milli medeniýeti we sungaty


Türkmeniň milli medeniýeti we sungaty

«Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň jahany bezeýji pähim-parasada ýugrulan durmuş-ykdysady syýasatynyň saýasynda milli medeniýet ulgamy ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklar we ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda aýratyn uly üns berilýär. Türkmen topragymyzda ata watanymyzda Gahryman we Mähriban alym Arkadagymyzyň kämil yhlasyndan ugur alyp türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösüşiň täze belentliklerine göterildi.

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen her ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda «Medeniýet we Sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly pyragynyň şygryýet güni» uly dabara bilen bellenip geçilýär. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz diýarymyz ýer ýüzünde iň bir bagtyýar, iň bir asuda döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem häzirki wagtda Medeniýet we sungat işgärleriniň, hem-de beýik akyldar, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly gerimli dabaraly çäreler geçirilýär.

Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlanýar, gadymdan bäri türkmenleriň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrüldi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň pyragynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillerde neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär, onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi.

Türkmen halky beýik şahyra aýratyn sarpa hem-de bu goşa baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda belleýär. «Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylynda döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen biziň günlerimiz toý-baýramlara utgaşyp, üstünliklere beslenýär. Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!



Sülgün SEÝDÄÝEWA