Ak mermerli gözel şäher Aşgabat


Ak mermerli gözel şäher Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda, ak mermerli gözel şäher Aşgabadymyz maksatnamalaýyn ösdürilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp «Ak mermerli gözel şäher Aşgabat» atly sergi guraldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň, seýilgähleriň we suw çüwdürimleriň suratlaryny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren ajaýyp kitaplaryna serginiň görnükli ýerinde orun berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan ajaýyp halylar, fotosuratlar, nakgaş eserleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserleri serginiň täsirini artdyrýar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Durdymyrat Atdaýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli gol ýazmalar institutynyň ylmy işgäri Täzegül Hapyzowa, «Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow, «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Maýagözel Goşaýewa çykyş etdiler.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.