SÖZSÜZ SUNGATYŇ ÖWÜŞGÜNLERI


SÖZSÜZ SUNGATYŇ ÖWÜŞGÜNLERI

«Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp üstünlikleri halkymyzyň ruhyny galkyndyryp taryhyň gatlaryna altyn setirler bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine «Abstrakt» çeperçilik akymynda ýerine ýetirilen eserlerden düzülen «Sözsüz sungatyň öwüşginleri» atly sergi guraldy.

Sergide muzeýimiziň gymmatlyklary bolan ussat suratkeşleriň, halypa nakgaşlaryň ýiti zehinlerinden ajaýyp sungata bolan söýgülerinden dörän täsin özüne çekiji eserleri sergilendi. Olardan Jumadurdy Amandurdyýewiň «Ak maýanyň ýoly», Gurbangeldi Gurbanowyň «Kemine», Kössek Nurmyradowyň «Ýaz hysyrdylary», Tokar Tugurowyň «Ata-babalarymyz», Hoşgeldi Şahberdiýewiň «Sazlaşyk we gözleg» ýaly ýene-de birnäçe abstrakt eserlerini synlamak bolýar. Ussat suratkeşler ylhamlaryndan kemala gelen sungat eserlerinde mähriban Watanymyzy, parahat durmuşy we sungata bolan söýgüsini beýik ruhubelentlik bilen wasp etmek bilen täsin eserler sergini synlan her bir adamda ýakymly duýgulary döredýär.

Sergä gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy galkyndyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.