Medeniýet halkyň ruhy baýlygy
Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Türkmen nusgawy poeziýasynyň, edebiýatynyň we edebi türkmen diliniň düýbüni tutujy, Magtymguly Pyragynyň şygryýetine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işlerine uly hormat goýulýar. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar.
Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi beýik Pyragynyň çuň manyly setirlerine aýratyn sarpa goýulýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň eserleri halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Dana Pyragynyň eserlerinde türkmen halkynyň edebi mirasy, medeniýeti, sungaty eriş-argaç bolup geçýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri we ýylyň şygary bilen açylýar. Şeýle-de sergide Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy taryhy ýadygärlikleri janlandyrýan ussat suratkeşleriň G.Töräýewiň «Köneürgenç» G.Nurlyýewiň «Astana-baba», «Soltan Sanjar», «Şirkebir mawzoleýi», «Zergär» atly eserleri hem-de toýundan ýasalan gaplar, syrçaly küýzeler, çyrag ýaly esbaplar görkezilýär. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç,Amangeldiýewiň «Rodoguna», şeýle-de ýaş suratkeşler G.Ýazmuhammedowanyň «Milli gymmatlyklarymyz», Ş.Rejepowyň «Gadymy senet» ýaly nakgaş eserleri öz beýanyny tapýar.
Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdelenen gyzyl kürte, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary çyrpylar we gül tahýa, bukja, çaý halta, kürtekçe, boýunbag ýaly el işleri, şeýle-de keçe önümleri sergide aýratyn orun tapýar. Döwlet muzeýimiziň gaznalarynda XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri saklanylýar. Şolardan gülýaka, aý halka, eginlik, tumar, ýeňselik, goşa asyk, dört goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän 72 saz gurallarynyň aýratyn bir bölegi bolan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly naýbaşy gymmatlyklarymyz hem sergide görkezilýär.