Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary


Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere beslenýär. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününiň dabarasyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler. Bu baýram mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi gurnaldy.

Bagtyýar durmuşyň röwşen geljegi bolan gülmeňiz balajyklaryň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda ata Watanymyzda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkymyz şan-şöhratly taryhynyň dowamynda özüniň milli gymmatlyklaryna, ynsanperwer ýol-ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watana wepalylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegine, ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaşlar kemala gelmeginde uly işler alnyp barylýar. Ertirki günümiziň daýanjy bolup, ýurdumyzy belentliklere alyp gitjek ýaşlara uly üns berilýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýän döwürde ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenen sport toplumlary, saglyklaryny goramak maksady bilen gurulýan saglyk öýleriň sany sanardan kändir.

Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, çaga durmuşyndan söz açýan şekilleriň nakgaş eserleri, çagalaryň öz elleri bilen çekilen suratlar, taryhy ýadygärliklerden tapylan çaga oýnawaçlary, aşyklar, küýze, türkmen alabaýynyň şekili, güljagazyň ekilen görnüşleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.