Arkadag şäheriniň ilkinji mekdep uçurymlarynyň muzeýe gezelenji


Arkadag şäheriniň ilkinji mekdep uçurymlarynyň muzeýe gezelenji

2024-nji ýyly beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýän ýylynda şahyry hormatlap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi türkmen halkynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döretdi. Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr.

Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan ugur alýan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär. Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşmak hem-de wagyz etmek maksady bilen dowamly täsirli we gyzykly gezelençler gurnalýar. Ynha, muzeýimize Arkadag şäheriniň ilkinji mekdep uçurymlary gezelenje geldiler. Olarda muzeý gymmatlyklaryna bolan täsin duýgularynyň ör boýuna galandygyny, çaga kalplaryndan çykýan mähirli garaýyşlarynda görmek bolýardy. Mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň muzeý mukaddesliklerini, milletiň milli baýlyklaryny aýawly saklap, geljekki nesle ýetirmekde mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlar boljakdyklaryna teleýaýlymlaryň üsti bilen çykyş etdiler.

Şeýlelik bilen uçurymlar durmuşyň ak ýoluna düşüp, her haýsy bir käriň eýesi bolarlar we asuda watanymyza mynasyp goşandyny goşarlar. Mähriban uçurymlar ýoluňyz ýagty bolsun, Arkadag şäheriniň bagtly ýaşlary bolup, Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşandyňyzy goşuň!