BAÝRAMÇYLYK GÖÇME SERGISI


BAÝRAMÇYLYK GÖÇME SERGISI

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde muzeýde «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisi gurnaldy, hem-de muzeýiň direktory I.Orazow «Şekillendiriş sungatynyň eserlerini gorap saklamakda edilýän şertler» atly temada çykyş etdi. Maslahata gatnaşan myhmanlar döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.