Ylmy maglumatlar


Ylmy maglumatlar

Ylmyň we bilimiň gülläp, adamzat jemgyýetini kämillige tarap alyp barýan ýyllarynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, muzeýiň direktory I.Orazowyň ýolbaşçylygynda, şeýle-de muzeý hünärmenleriniň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy maglumatlar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Çykyşlarda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň esasy ylmy işgäri Jemal Bakyýewa, baş hünärmeni Nurýagdy Babaýew, şeýle hem Usulyýet işleri bölüminiň esasy usulçysy Leýli Rejepowa, Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň hünärmeni Gulowa Oguljemal öz ýazan ylmy maglumatlary dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler. Ylmy maglumatlarda halypa suratkeşleriň manyly ömür ýollary, baý döredijilikleri barada giňişleýin we anyk maglumatlar berildi.

Ussat hünärmenler, muzeý işgärleri milli mirasymyzy öwrenmäge, mukaddes ojak bolan muzeýleriň işlerini kämilleşdirmekde döwletli işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.