DÖWREBAP ESERLERIŇ SAZLAŞYGY


DÖWREBAP ESERLERIŇ SAZLAŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwrebap eserleriň sazlaşygy» atly guralan serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergi Döwlet muzeýinde ilkinji gezek, hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilen nakgaşçylyk, amaly haşam, heýkeltaraşçylyk we zergärçilik sungatyna degişli bolan eserlerinden gurnaldy. Bu sergide 55-den gowyrak nakgaş eserleri, Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan şaý-sepleri we maddy-medeniýetimize degişli önümleri wasp edýän natýurmortlar, ülkämiziň gözel künjekleriniň peýjazlary, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň şekilleri, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän taslama eserleri gatnaşdy. Parfiýa döwletiniň tapyndylaryň nusga görnüşleri, tebigatymyzyň güllerinden ýasalan ikebanalar we ebru sungatyna degişli birnäçe eserler muzeýimiziň wagtlaýyn sergiler zalyny bezeýär. G.Baýramowyň «Bagtyýar zamananyň nesili», O.Iljanowyň «Altyn güýz», G.Ýazmuhammedowanyň «Rahatlyk» atly eserleri hasda täsirli görünýär. Döwrebap we milli äheňde özara sazlaşykda bolan eserler, nepis ýerine ýetirilen kürtedir tahýalar, torbalar we milli öý bezeglerimiz, sergini görmäge gelen ildeşlerimiz we daşary ýurt myhmanlarymyzy haýrana goýýar.