TÜRKMENISTANYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINE GEZELENÇ


TÜRKMENISTANYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINE GEZELENÇ

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty, halkara abraýy türkmen halkynyň ýürek buýsanjyny has-da artdyrýar. Türkmen halkymyzyň, taryha ýugrulan milliligi däp-dessurlary medeniýetimiziň sungatymyzyň ajaýyp gözelligine öwrülip, her bir ynsanyň kalbynda,öçmejek ruhy gözelligi döredýär. Türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan aýdyň ýolynda, milli mirasymyzy, geçmiş taryhymyzy, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp Şekillendiriş sungaty muzeýi hem öz gymmatlyklary we taryhy tapyndylar bilen muzeýe gelýän myhmanlarymyzy haýrana goýýar.