TÜRKMEN MILLI SENETÇILIGINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI WE DÜNÝÄ TEJRIBESI


TÜRKMEN MILLI SENETÇILIGINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI WE DÜNÝÄ TEJRIBESI

Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan el-işlerini, alajalaryny, türkmen milli lybaslaryny, häzirki zaman keşdeçilik sungatynyň ajaýyp eserlerini öý bezeglerinde ulanylýan türkmen nagyşlaryny synlamak bolar.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni-mirasyny, gadymy gymmatlyklaryň, milli sungatyny giňden wagyz etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!