ZENANLAR ÝAŞAÝYŞYŇ GÖZELLIGI
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenanlar ýaşaýyşyň gözelligi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Tebigat gözellikleri bolan gül-gunçalar bilen bäsleşýän haly-palaslaryň, keçeleriň nepislikde deňi-taýy ýokdur. Bu nepis sungat taryh sahypalarynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ömür ýoly, ömür ykbaly bolup, durmuş menzillerine öwrülipdir. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden-gyza geçirip dowam edipdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr. Ene-mamalarymyzyň el işleriniň biri bolan türkmen keçesi döreýiş taryhyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Keçe amaly-haşam sungaty bolup, ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýran müdimi senetdir. Keçe etmekde, haly dokamakda, keşde çekmekde türkmen gelin-gyzlarynyň orny örän uludyr. Olaryň ýüreklerindäki arzuw-islegleri, yhlasy, gujur-gaýraty, irginsiz zähmeti türkmeniň nepis halysynda, keçesinde öz beýanyny tapýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çeper elli gelin-gyzlarymyzyň inçe sungatyna ýokary baha berýän, milli mirasymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.