WIRTUAL SAÝDYŇ BIZE BEREN MÜMKINÇILIKLERI


WIRTUAL SAÝDYŇ BIZE BEREN MÜMKINÇILIKLERI

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň biri-birinden zyýada gelýän her bir güni bizi röwşen geljege tarap batly gadamlar bilen alyp barýar. Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, nygtaýan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, beýik işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, sanly ulgamyň gazananlary arkaly muzeý işini ösdürmek barada uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik sergileri, ylmy maglumatlary toplamak arkaly internet salgylaryny maglumatlaşdyrmak, wirtual teleýazgylary geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý internet salgysy döredildi. Wirtual muzeýiň internet salgysyna diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem dünýäniň ähli künjeklerinden girip syýahat etmek mümkinçiligi döredilen. «Wirtual muzeý» taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat edip bolýar. Wirtual muzeýleriň döredilmegi bilen, sergileriň hilini gowulandyrmak, muzeýe gelýänleriň ünsüni çekmek üçin şertleri döretmek arkaly ýurdumyzda muzeý işi dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşýar. Bu taslamany taýýarlamak üçin zallaryň içi ýörite we ekspozisiýadaky muzeý gymmatlyklarynyň her biri enjamlar arkaly 360 gradus derejede surata düşürildi. Taslamada muzeýe wirtual syýahat edýänler öz barjak ýerlerini kiçijek gönükdiriji belgileriň üstüne basmak arkaly, suratlar we burçda ýerleşdirilen karta arkaly kesgitläp bilerler. Ugruny kesgitläninden soň, witrinalaryň içinde ýerleşdirilen, özüni gyzyklandyrýan islendik eksponatyň üstündäki düwmejige basyp, şol eksponat barada gerek maglumatlaryny alyp bilerler. Häzirki wagtda muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklaryň bitewi elektron binýadyny döretmek hem-de maglumat çeşmelerini baýlaşdyrmak boýunça muzeý işgärleri uly işleri alyp barýarlar.

Sanly ulgam arkaly döredilýän mümkinçilikler, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halk köpçüligine ýetirilýän wagyz nesihat işleriniň has-da baýlaşmagyna, türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, medeni mirasymyzyň gazananlaryny geljekki ýaş nesillere ýetirmekde uly itergi berer.



Güljeren GULJAÝEWA