ZENANLAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZELLIGI
Milli ýörelgelerimize aýratyn ähmiýet berilýän eziz Diýarymyzda zenanlara uly hormat goýulýar, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi belentde tutulýar. Çünki täze taryhy eýýamymyzda hem türkmeniň belent ruhy gymmatlyklarynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň we urp-adatlarynyň aýawly saklanylmagynda, milli ýörelgelerimiziň dowam etmeginde, edepli-ekramly nesilleriň kemala gelmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Türkmen zenanlarynyň başarjaň elleriniň ajaýyp sungaty bolan keçeler biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi» atly gepleşik geçirildi. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň. Çünki gözelliklerden zynatly, özüne çekiji, mähir-yhlasdan doly bolan bu senet durşuna ykbal hem sungatdyr. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden-gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr. Gelin-gyzlar el işlerini her döwürde-de nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler. Bu sungat asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, täze röwüşlere beslenip, has-da kämilleşdirilýär. Zenanlaryň el işlerinde olaryň çäksiz ussatlygy, irginsiz zähmeti, yhlasy görünýär. Çeper elli zenanlar nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler. Halkyň gündelik durmuşynda giňden ulanylan we ruhy dünýäsine siňen keçelerimiz häzirki wagtda-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşamagyny dowam etdirýär. Biziň halkymyzyň arasynda oňa hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek milli sungat hökmünde garalýar.
Milli sungatymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi öwrenmekde we olara ýaş nesillere giňden wagyz etmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!