AK PAÝTAGTYM-AŞGABAT
Ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bilim bagtyň açary» atly ajaýyp sergi açyldy. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň, Durdy Baýramowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Hally Annaçaryýewyň, Wladimir Pawloskiýniň we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Babageldi Owganowyň, Inga Pawloskaýanyň, Merdan Kakabaýewiň, Oguldursun Rejepowanyň, Çary Öwwäýewyň, Nury Hojamuhammedowyň, Ogulnäzik Ummadowanyň, Martiros Sarianyň, Armine Kalensiň hem-de beýleki zehinli suratkeşlermiziň döreden ajaýyp eserleri sungaty muşdaklarymyza uly täsirini ýetirer. Umuman bu sergide heýkeltaraşçy ussatlarymyzyň döreden ajaýyp heýkelleri hem bolup olardan ussat heýkeltaraşçy Zinaida Şulženko, Mommy Seýitmyradow, Annameret Taganowyň bilime degişli heýkelleri görkezilýär.
Eziz diýarymyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede kämil bilim almaga, okamaga, öwrenmäge we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.