AK PAÝTAGTYM-AŞGABAT
Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri türkmen halkynyň kalbynda mermer şäher hökmünde orun aldy,we iň bir ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ajaýyp görke giren ak mermerli gözel Aşgabat maddy we ruhy medeniýetiň beýik-beýik ýadygärliklerinde geçmişiň ýaňy ýaňlanýan gadymy türkmen topragynyň hakykatda gaýtadan galkynmagynyň äşgär nyşanyna öwrüldi. Parahatçylygy söýüji bitarap syýasatynyň nusgasyna öwrülen Aşgabat şäheri dünýäde ösen binagärlik keşbi, täzelikleri ornaşdyryjy, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän deňli-derejeli şäher hökmünde özüni tanadýar. Bu gün döwletimiziň ýüregi hasaplanýan ak şäherimiz dünýäň nazarynda. Onda il-günüň rahatlygyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýän durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň we gözel desgalaryň sany ýyl-ýyldan däl-de, gün-günden artyp barýar. Munuň üçin gözel şäherimiziň giň köçeleriniň gyrasynda uzap gidýän ak mermerli jaýlara, beýik binalara göz aýlamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen her bir täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Öz halkynyň, abadan durmuşy, ruhubelent ömür sürmegi, döretmegi, gurmagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, gözelliklerden lezzet almagy barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz halkynyň ýagty geljeginiň rowaçlygy üçin yhlasyny zehinini gaýgyranok. Şu güne çenli taryhy maglumatlara ser salsak, ak şäherimizde öz binagärlik keşbi we gözelligi bilen dünýä meşhur bolan kaşaň binalarymyz we ajaýyp desgalarymyz sanardan kändir.
Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýiniň sergi zalynda döwrebap görnüş-de ornaşdyrylan, birnäçe binalar bar.
«Aşyklaryň şäheri» manyny aňladýan ak şäherimizde bina edilen desgalaryň ählisi diýen ýaly diňe bir gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanman, belli bir taryhy wakany aňlatmasy, aklyňy haýran ediji many-mazmuny bilen ynsanlary özüne çekýär. Şol binalaryň birnäçesiniň aňlatmalaryny beýan etmek isleýärin. Garaşsyzlyk binasy–Ýewropa biçüwleri bilen ata-babalarymyzdan gelýän milli binagärlik senedimiziň utgaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelen täsin binagärlik çözgüdine eýe bolup, ol mukaddes garaşsyzlygymyzyň gazanylan ýylyny, aýyny we gününi binagärlik ölçegleri arkaly beýan edýär. Türkmenistan teleradioýaýlymlar merkezi–Türkmenistanda deňiz derejesinden iň ýokarda ýerleşen binadyr. Bina gurluşygy we ýerleşýän ýeri bilen tapawutlanyp, ýurdymyza gelýän daşary ýurtly syýahatçylary haýrana goýýar. Oguz hanyň ýyldyzynyň, ýagny iki tarapy aýna bilen örtilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly sekiz burçlygyň binagärlikde şöhlelendirilmesi, binanyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegine sebäp boldy.
«Älem» medeni dynç alyş merkezi–ynsan eli bilen döredilen täsinlikleriň bir bitewi sazlaşygyny emele getirýär. Paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşýän 95 metre deň bolan bu binada 57 metre ýetýän syn ediş aýlaw halkasy goýulypdyr.Älem halkasy Oguz han atamyzyň 6 ogluny 24 agtygyny ýatladýan 6 orunlyk kabinalaryň 24-sinden ybaratdyr. Bina dünýäde iň uly ýapyk görnüşdäki syn ediş aýlaw halkasy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Görşümiz ýaly merjen şäherimiziň diňe bir arhitektura gözelligi bilen däl-de çuňňur many-mazmuny özünde jemlemegi bilen tapawutlanýan binalaryna dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigine döwletara guramalaryň şäherimizdäki birnäçe binalary dürli baýraklar bilen sylaglamasy şaýatlyk edýär. Gün saýyn şuglasyny dünýä ýaýýan ajaýyp paýtagtymyzyň waspy dillerde dessandyr.
Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan gülläp ösýän, bu gün parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat biziň buýsanjymyz. Ol özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimlerine baýlygy bilen göreni özüne maýyl edýär. Gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere, beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň taryhy merkezinde gurlan «Ak şäherim Aşgabat» binasy bolsa türkmeniň ruhunyň belentligni, döwletiniň berkararlygyny, halkymyzyň paýtagt şäherine söýgüsini beýan edip, alyslardan öwşün atýar. Ýaşyl baglaryň gurşawynda ýerleşen bu ajaýyp desgadan göterilýän aýdymlaryň owazy bolsa biziň bagtyýarlygymyzy älem-jahana buşlaýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan gözel paýtagtymyzy synlanyňda göwnüň göterilýär. Ak mermere we güllere beslenen Aşgabat dünýäniň gursagynda täsin bir öwüşginli ak nur bolup lowurdaýar. Belentden seredeniňde, owadan binalaryň toplumy Aşgabadyň sanlyja ýylda gazanan gözellik keşbini aýyl-saýyl görkezýär. Ak bagtdan görk alan gül mekanyň çar künji özgerşiň we täzelenişiň nurly ýalkymy bilen öwüşgünlenýär.
Paýtagtymyza görk berip oturan binalar ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatsöýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan galan erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalylygynyň binagärlik sungatdaky şöhlelenmesidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» Berkarar täze eýýamynyň galkynyşy döwründe döwrebap keşbe eýe bolýan Aşgabat ýurdumyzyň nurana geljeginiň ösüşiň täze belentliklerine ymtylyşynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şanly seneleriň milli senenamasynda täze baýramçylyk–her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edildi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheri dünýä boýunça ak mermer binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmek we özgertmek, ileri tutulýan ugurlarynyň biri höküminde garalýar. Milli Lidermiziň yzygiderli alyp barýan işleriniň netijesinde, mermer paýtagtymyz ajaýyp binagärlik keşbine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ähli sebitler bilen bir hatarda Berkarar döwletimiziň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz günsaýyn ösdürýär. Ak şäherimizde dünýä nusgalyk binagärlik-gurluşyk işleri bilen amala-aşyrylýar. «Aşyklaryň şäheri» manyny aňladýan ak şäherimizde bina edilen desgalaryň ählisi diýen ýaly diňe bir gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanman, belli bir taryhy wakany aňlatmasy, aklyňy haýran ediji many-mazmuny bilen ynsanlary özüne çekýär. Şol binalaryň birnäçesiniň aňlatmalaryny beýan etmek isleýärin.
Goý, elmydama ýer ýüzünde asudalyk, şatlyk, bagt höküm sürsün!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň röwşen geljegi üçin alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Sülgün SEÝDÄÝEWA