HEÝKELTARAŞLYK WE ONUŇ TARYHY GELIP ÇYKYŞY


HEÝKELTARAŞLYK WE ONUŇ TARYHY GELIP ÇYKYŞY

(ARHEOLOGIKI MATERIALYŇ MYSALYNDA)

Ilkidurmuş jemgyýetiň ösüşi bilen, adamzatda tebigy zerurlyklardan başga estetiki mätäçlik döredi. Gadym wagtlardan bäri, heýkeltaraşlyk adamzadyň çeperçilik we dini isleglerini beýan etmegiň bir görnüşi bolup durdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ekspozisiýasynda ýerleşen Ýylgynly-depe ýadygärliginiň Eneolit döwrüniň arheologiki materiallary, biri-biriniň ýerine gelen döwürleriň mysaly bolup durýar. Eneolit döwrüniň heýkel önümleri köplenç arzan bolan toýundan edilýärdi. Gadymy ussatlar köplenç antropomorf we animalistik žanrlarda işläpdirler. Birinjisi aýallaryň şekilleri görnüşindedir, ikinjisi bolsa öküziň şekilidir. Öküz oguz türkmenleriniň totem nyşany bolup, olaryň taryhynda aýratyn orny eýeleýärdi.

Bürünç döwrüniň Ulug-depe ýadygärliginiň keramiki bezegiň elementlerinde gyzyl reňkdäki halynyň nagyşlaryny görüp bolýar. Terrakotadan edilen atyň heýkelden galan bölekleri, gadymlykda bu haýwanyň möhüm orun eýeländigine şaýatlyk edýär. Bürünç döwrüniň başga ýadygärligi Goňur-depedir. Bürünçden, keramikadan, ýasama daşdan edilen dürli hili önümler, şol ülkäniň durmuş şertleriň ösen derejede bolandygyna şaýatlyk edýär. Daşdan we bürünçden ýasalan adamlaryň miniatýura heýkelleri, terrakotadan edilen aýallaryň şekilleri, gadymy mazarçylykdan çykarylan animalistik žanrda edilen mozaiklik pannosyda hakykatdanam ajaýyp.

Elbetde, türkmen toprakda ýerleşen köp sanly köne medeni merkezler we siwilizasiýalar, taryhy ösüşiň umumy tendensiýalardan daşda durmandyrlar. Tebigy prosesyň netijesinde müňýyllyk taryhyň dowamynda medeniýet baýlaşýardy. Bu makalada agzalan artefaktlar, gadymy heýkeltaraşlyk sungatynyň asyrlar boýunça in gowy çeperçilik dessurlaryny saklan häzirki wagt Türkmenistanyň sungaty bilen berk baglydygyny görkezýär.

Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmekde, wagyz etmekde, gorap saklamakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, dünýä nusgalyk beýik işleri rowaçlyklara beslensin!



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni



Nurýagdy BABAÝEW