2024-NJI ÝYLYŇ 23-26-NJY AWGUSTY ARALYGYNDA SAMARKAND ŞÄHERINDE «ATA-BABALARYMYZYŇ MIRASY–III GALKYNYŞ DÖWRÜNIŇ ESASY» ATLY VIII HALKARA KONGRESI GEÇIRILDI
Özbegistanyň Medeni mirasy öwrenmek, saklamak we ýaýratmak boýunça bütindünýä jemgyýeti tarapyndan 2024-nji ýylyň 23-26-njy awgusty aralygynda Samarkand şäherinde «Ata-babalarymyzyň mirasy–III Galkynyş döwrüniň esasy» atly VIII Halkara kongresi geçirildi. Bu Halkara kongrese Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew hem gatnaşdy.
Bu taslamanyň çäklerinde dünýä muzeýlerinde saklanylýan Özbegistanyň medeni mirasyna degişli gymmatlyklar barada uly göwrümli, ýokary hilli kitap-albom yzygiderli çap edilýär.
2023-nji ýylyň 5-8-nji noýabry aralygynda «Özbegistanyň medeni mirasy–täze Galkynyşyň binýady» atly VII Halkara kongresi geçirildi. Şol kongresiň «Mirasyň täze sepgitlerini açmak bilen: özbek kolleksiýalary dünýä toplumlarynda» atly bölümçesinde Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew «Хорезмские ювелирные украшения в Государственном музее Туркменистана» (Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki horezm şaý-sepleri) diýen nutuk bilen çykyş edipdi. Bu tema maslahata gatnaşyjylarda we gurnaýjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle bolansoň «Özbegistanyň medeni mirasy dünýä toplamalarynda» atly yzygiderli çapdan çykýan kitabyň birini Döwlet muzeýinde saklanylýan gymmatlyklara (horezm şaý-sepleri we milli tekstil önümleri) bagyşlamak makul bilindi we bu ugurda yzygiderli işlenildi. Netijede «Özbegistanyň medeni mirasy dünýä toplamalarynda» atly toplumlaýyň neşiriň bir kitaby «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň toplamasy» ady bilen çap edildi.
24-nji awgustda «Silk road» Samarkand toplumynyň kongresler merkezinde «Ata-babalarymyzyň mirasy–III Galkynyş döwrüniň esasy» atly VIII Halkara kongresiniň açylyş dabarasy boldy. Bu VIII Halkara maslahatyň «Özbegistanyň medeni mirasy dünýäniň toplamalarynda» atly 7-nji bölümçesinde Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew Döwlet muzeýiniň taryhy we onuň alyp barýan netijeli işleri barada çykyş etdi. Soňra «Döwrebap muzeý–gelejegiň muzeýi» atly 6-njy bölümçede moderator bolup bölümçäniň işini alyp bardy.
25-nji awgustda «Özbegistanyň medeni mirasy dünýä toplamalarynda» atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu dabarada Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň toplamasy» atly täze neşir barada çykyş etdi. Bu kitapda özbek alymlary bilen bir hatarda Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýewiň «Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki horezm şaý-sepleri» we Döwlet muzeýiniň hünärmeni A.Sopyýewiň «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň taryhy» ýaly makalalary çap edildi.