Toý saçagynyň bezegi


Toý saçagynyň bezegi



Halkymyzyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşly däp-dessurlary bar. Türkmen toýlarynyň içinde ynsanyň iň arzyly güni bolan durmuş toýy tutulanda, toýuň ilkinji iki güni çelpek ýapylýar. Çelpek bişirilişi, niýetlenişi babatdan hem türkmene mahsus tagam bolup, ol ogul öýerilende gyz tarapa, ýagny, gudalara äkidilmeli saçak üçin ýapylýar.
Toýuň ilki güni ýapylan çelpege ýalan çelpek, soňkusyna çyn çelpek diýilýär. Çelpek ýapmaklyk köpçüligiň işi. Ertir ýalan çelpek diýlen güni toý edýäniň goňşulary oklawdyr gapaklaryny taýýarlap ýörendir. Ýalan çelpek güni ir bilen toýuň gyzgalaňy başlanýar. Gyzlar ýugrulyp goýlan hamyrdan çelpek ýaýyp, ýapylan çelpekleri üsti-üstüne goýarlar (şoňa arka diýilýär).
Arka galňansoň 2-3 sany zenan gowy gyzdyrylyp, içine ýag çalnan gazanda çelpek ýapyp başlar. Çelpek ýapmaklyk toý edýäniň maşgalasy tarapyndan obada sarpaly, hormatlanylýan aýala ynanylýar.
Çelpek ýapylanda zenan ussatlygy, usullylygy bilen bir hatarda çalasynlyk hem gerek. Çelpek ýapýanlar «elimiz agyryberdi» diýdikleri, toý eýesi olaryň ellerine ýaglyk daňyp, sowgat edýär. Ýalan çelpek güni gudalara äkidilmeli saçak üçin iki gap çelpek ýapylýar. Onuň daşyndan toýa gelenlere, myhmanlara jübütden epläp çelpek paýlaýarlar.
Türkmenlerde toý üçin edilýän zatlar jübütden edilýär. Çyn çelpek güni ýapylan çelpek bolsa, toý güni myhmanlaryň öňüne alyp bermek, toýa getirilen saçaga salmak üçin ýapylýar. Çelpek ýapylyp durka, erkek adamlaryň biri gazana golaýlaşyp çelpek ýapyp oturanlar duýman durka, gazanyň içindäki çelpegi çalasynlyk bilen syryp ýerine pul oklaýar. Çelpek ýapylanda çagalar hem ünsden düşürilmeýär. Gyzjagazyň ellerini çarpdyryp:

Çapak- çapak elleri,
Agyrmasyn gollary,
Daýysynyň toýunda
Çelpek ýaýar elleri — diýýärler.

Şeýlelikde, çelpek ýapmak däbi beýleki pişme, gatlakly ýaly toý tagamlary bilen birlikde häli-häzir hem dowam edýär. Toýuň gelşigi bolan, ene-mamalarymyzyň zehin siňdirip, miras goýan, türkmeniň toýuna ornap giden bu zatlaryň ählisi her bir türkmen üçin mukaddesdir.

Güljemal ANNAMYRADOWA